DÜNÝÄ

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Bakuda çäre geçirildi

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde çäre gurady.

Çärä Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylym işgärleri we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine hem-de onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde konstruktiw serişde hökmünde ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar kitabyň mazmuny bilen tanyşdylar we türkmen halkyny agzybirlige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hem-de taryhy maglumatlara ýokary baha berdiler. Kitapda Bitarap Türkmenistanyň ösüşinde bilimiň we ylymyň ähmiýeti bellenilýär.

Related posts

BMG-niň Syýahatçylyk guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkider

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary Kataryň kitaphanasynda orun aldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy