DÜNÝÄ

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerindäki ýokary derejeli hepdeligiň dowamynda 20 sany daşary ýurt lideri bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

“Men köp sanly, ähtimal ýigrimi lider bilen duşuşaryn. Hemmeler duşuşmak isleýär, <…> biz olaryň käbiri bilen duşuşarys” – diýip, ol žurnalistleriň soraglaryna jogap berende aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň esasy wakasy, çaklanylyşy ýaly, 23-nji sentýabrdan 27-nji sentýabra çenli, şeýle hem 29-njy sentýabrda geçiriljek ýokary derejeli hepdeligiň çäklerindäki umumy syýasy gepleşikler bolar. Bu döwrüň dowamynda jemi 195 wekiliýetiň çykyş etmegine garaşylýar.

Related posts

Dünýä belli markalary kim esaslandyrdy

Ata Watan Eserleri

Ozalky döwlet münberi işewürleri kabul ediş merkezine öwrüler

Türkmenistan owgan topragynda demirýol şahasyny gurýar