DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde konstitusiýa boýunça halkara maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde göni wideoaragatnaşyk arkaly «Konstitusiýa – döwletleriň ösüşiniň we jemgyýetiň abadançylygynyň hukuk kepili» atly maslahat geçirildi.

Hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekde oňyn başlangyçlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýän bu maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak babatda sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigini hem-de bu ugurda ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek boýunça anyk işleri durmuşa geçirýändigini nygtadylar.

Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagynda we doly üpjün edilmeginde konstitusion kadalaryň we milli kanunçylygyň esasy orny eýeleýändigine üns çekilip, şu maslahatyň kanunçykaryjylyk we parlament işi boýunça tejribe alyşmakda, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi.

Ýene-de okaň

Donald Tramp 80 ýaşady

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar