DÜNÝÄ

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Ýakyn Gündogar sebitindäki ýagdaýlardan ugur alyp, Eýrandaky daşary ýurt raýatlary öz ýurduna dolanmagy ugurnda tagalla edilýär. ABŞ-nyň hökümeti Eýrandaky raýatlaryna öz ýurduna dolanmagy üçin Türkmenistanyň ynsanperwer geçelgesinden peýdalanmak boýunça beýanat bilen çykyş etdi.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik tory arkaly habar bermegine görä, Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlary Türkmenistanyň ynsanperwer geçelgesinden peýdalanmagy üçin serhtdäki geçiriş-goýberiş nokadyna barmazdan ozal, Türkmenistanyň Hökümetinden ýörite rugsat almalydyr. Bu babatda ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy bu rugsadyň alynmagyna ýardam bermek ugurnda tagalla eder.

Türkmenistana girmegi meýilleşdirýän Amerikanyň raýatlary özne degişli şahsy maglumatlary Aşgabatdaky ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Amerikanyň raýatlaryna hyzmat ediş bölümine (AshgabatUScitizen@state.gov) ibermelidir.

Related posts

Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi

Türkmenistan bilen Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Ýeňiş baýramy Türkmenistanda bellendi