DÜNÝÄ

2025-nji ýylda Belarusda prezident saýlawlary geçiriler

Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada degişli çözgüt Belarus Respublikasynyň Milli geňeşiniň wekiller palatasynyň mejlisinde kabul edildi.

“BELTA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Belarusyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Igor Karpenko ýurtda prezident saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmäge taýýardyklaryny aýtdy. Ol bu saýlaw kampaniýays döwründe 60 müň adamyň degişli guramaçylyk işlerini alyp barjakdygyny belledi.

Onuň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarusda prezident saýlawlarynyň bellenmegi ýurduň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksina doly laýyk gelýär.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti 5 ýyl möhlet bilen ählumumy saýlawlar esasynda saýlanýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Botswananyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Syýahatçylyk girdejisi 15 million dollar

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gowşuryldy