DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Alen Berse Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz jenap Alen Berse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

7-nji dekabrda Şweýsariýanyň Parlamenti Sosialistik partiýanyň agzasy we Şweýsariýanyň ozalky Prezidenti, häzirki wagtda içeri işler ministri bolan Alen Berseni ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady.

Alen Berse 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Prezident Inýasio Kassisanyň ornuna geçer. Ol 2018-nji ýylda Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiripdi. Şweýsariýada ýurduň Prezidenti parlamentde ses bermek arkaly saýlanýar.

Related posts

Türkmenistan Gresiýa ilçi belledi

Türkmenistan-Wýetnam: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

ADNOC kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi

Leave a Comment