DÜNÝÄ

Heops çäge piramidasy Ginnese ymtylýar

5 ýyl mundan ozal, Antalýada 1000 tonna çäge ulanyp gurlan Heops piramidasy üçin iň beýik gum heýkeli hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi üçin ýüz tutuldy.

Halkara Antalýa çäge heýkeltaraşlyk festiwaly, Antalýada 10 müň tonnadan gowrak çäge ulanyp öndürilen 200-den gowrak gum heýkeltaraşlygynyň sergisi öňümizdäki ýyl 16-njy gezek myhmanlaryny kabul edip başlar.

Deňiz rowaýatlary, mifologiki we taryhy keşpler şeýle hem, dünýä täsinlikleri ýaly dürli mowzuklar bilen ýüzlerçe heýkeli birleşdiren çäräniň çäginde 2015-nji ýylda “Dünýä täsinlikleri” mowzugy bilen Heops gum piramidasy festiwaly guralypdy.

Gum piramidasynyň zerur bolan tehniki hyzmatlaryndan soň 5 ýyl saklanyldy. Ginnesiň Rekordlar kitabyna bolsa, köp wagt ýykylman saklanylan gum heýkeli hökmünde girizilmegi üçin ýüz tutuldy.

Festiwalyň direktory Jem Karaja, Halkara Antalýa çäge heýkeltaraşlyk festiwalynyň dünýäde 12 aý bäri açylýan ýeke-täk çäge heýkeltaraşlyk çäresidigini aýtdy. Mundan başga-da ol: “Biz myhmanlarymyza diňe gündizki tanyşdyrylyş dabarasy bilen çäklenmän, eýsem, agşam festiwal meýdançasynda aýratyn aýdym-sazly çykyşlar hödürleýäris”-diýdi.

Her ýyl täze heýkelleriň goşulýandygyny we abatlaýyş işleriniň ýygy-ýygydan geçirilýändigini mälim eden Karaja, sebitiň mowzugynyň wagtal-wagtal düýpgöter üýtgändigini aýtdy.

15 Günde 1000 tonna çäge bilen ýasalan 3 sany heýkel

Karaja, eden her bir eseriniň taryhda öz ornuny almagyny isleýändigini hem mälim etdi. Heýkeltaraşda takmynan 1000 tonna gumuň ulanylýandygyny mälim eden Karaja, 7 metr beýiklikdäki piramidanyň 15 günde 3 sany heýkeltaraş tarapyndan gurlandygyny aýtdy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistanyň žurnalistleri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «IVLP» maksatnamasyna gatnaşýarlar