DÜNÝÄ

Ýere ägirt uly magnit meýdany golaýlaşýar

Russiýanyň Kosmiki giňişlik ― howa merkezi Ýere ägirt uly magnit meýdanynyň golaýlaşyp gelýändigini habar berýär. «Bu habaryň çeşmesi merkeziň hünärmeni Anatoliý Belowa degişlidir» diýip, «Argumenti.ru» saýty ýazýar.

Günüň has uly şöhleleriniň netijesinde ýüze çykan magnit hadysasy öz täsirini üç günüň dowamynda ýetirip durar. Belowyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý saglygy gowşak adamlara täsir edip biler. Hususan-da, aritmiýa, kelle agyrysy bolan, gan basyşy kadaly bolmadyk adamlara durnuksyz magnit hadysasy täsir eder.

«Mir 24» teleýaýlymyna degişli saýtda ýazylmagyna görä, magnit hadysasy diňe bir adamlara däl, haýwanlara, hatda elektron enjamlara hem täsirini ýetirer.

Related posts

«Panasonic» kompaniýasy Hindistanda 130 sany dükan açar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi NATO-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady