TEHNOLOGIÝA

Elektrik ulaglary üçin Hytaýda zawod gurar

Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy Gün energiýasyndan we beýleki dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanyljak zawod üçin Hytaýda 3,49 milliard ýuan (takmynan 525 million dollar) möçberinde maýa goýum özleşdirer.

Hytaýda awtoulag öndürýän we satýan golçur kärhanasy bolan “GAC Honda Automobile” elektrik ulaglary öndürmek üçin täze zawodyň gurluşygyna başlandygyny habar berdi.

Hytaýyň Guandžou şäherinde 400 müň inedördül metr meýdanda täze elektrik awtoulag öndürýän zawod gurlar.

Desganyň önümçilik kuwwatynyň ýylda 120 müň birlik bolmagy meýilleşdirilýär we 2024-nji ýylda önümçilige başlamak maksat edinilýär.

“Honda” kompaniýasy şol bir wagtda Hytaýyň başga bir kärhanasy bolan “Dongfeng Motor Group” bilen bilelikde bu ýurtda 2024-nji ýylda ulanmaga beriljek elektrikli ulaglary öndürýän zawody hem gurýar.

Ýapon awtoulag öndürijisi Hytaýda her ýyl awtoulag öndürmek kuwwatyny takmynan 16% ýokarlandyryp, 1,73 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.

 

Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär