TEHNOLOGIÝA

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

“Apple” markasy we önümleri baradaky her täze maglumatlar tehnologiýa höwesjeňlerini we markanyň muşdaklaryny tolgundyrýar. Bu gezek i harpynyň “iPhone”, “iMac”, “iPod” ýaly meşhur markanyň önümlerindäki manysy gün tertibine geldi.

Stiw Jobs, Stiw Wozniak, Ronald Waýne tarapyndan döredilen we Stiw Jobsuň ýolbaşçylygynda önümleri öndürmegi hem-de ösdürmegi dowam etdirýän “Apple”, ulanyjylarynyň göwnünden turýan marka öwrüldi.

Aslynda, “iPhone”-daky ‘i’ harpy diňe bir telefonyň adyndaky adaty harp däl, Bu Stiw Jobs üçin bäş sany aýratyn many hem berýär.

2007-nji ýylda işe girizileli bäri “iPhone” häzirki zaman üçin öwrülişik tehnologiýalarynyň biri hökmünde garaldy. “iPhone” ilkinji gezek çykanda “Apple” şereketiniň eýýäm “i” harpy bilen başlanan birnäçe önümi bardy. Şonuň üçin adamlar i harpy bilen başlanan täze önüme gaty geň galmadylar.

Şeýle-de bolsa, “iPhone”-daky “i” harpynyň hakykatdanam “Apple”-iň meşhur baş direktory Stiw Jobsyň ölmezinden ozal beren gizlin manysy barlygy ýüze çykdy. 1998-nji ýylda Jobs “i” harpynyň kompaniýanyň filosofiýasy bilen baglanyşykly bäş dürli sözi aňladýandygyny aýtdy. Ol sözler internet, şahsy (individual), öwretmek (instruct), habar bermek (inform) we ylham bermek (inspire).

“i” ilkinji gezek 1998-nji ýylda “iMac” bilen tanyşdyryldy we Stiw Jobs önümiň internete girmek üçin kompýuter ulanmak isleýän adamlara gönükdirilendigini düşündirdi.

“iPhone”-daky “i” dizaýn pelsepesini alamatlandyrýan “Apple” şereketiniň syrly nyşanlaryndan diňe biridir.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi