TEHNOLOGIÝA

«Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini we ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçiriler.

Şeýlelik-de, ilkinji gezek bir sergi we gepleşik meýdançasynda birleşdirilen bu iki halkara çäre, mowzuklaýyn döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, milli telekommunikasiýa institutyny döwrebaplaşdyrmaga we ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion görnüşine gönükdirilen wezipeleri birleşdirer.

Bilermenleriň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi ýokary tehnologiýalar, ulag çözgütleri ulgamynda içerki we ählumumy gazanylan üstünlikler bilen has çuňňur tanyşmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga mümkinçilik döreder.

Gatnaşyjylaryň köp sanly bolmagy öňde boljak duşuşyklaryň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. «Türkmentel-2025» halkara forumyna Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ählumumy tehnologik bazaryň iri kompaniýalary gatnaşarlar. Olaryň hatarynda «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Juniper», «Thales», «IBM», «Mitsubishi», «Turkish Post», «Kras-Logistics GmbH», «China CAMC Engineering», «China Harbour Engineering Company» ýaly belli kompaniýalar bar. Umumylykda Aşgabatda 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy we 350 wekiliýet ýygnanar.

Serginiň çäklerinde sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň we telekommunikasiýalar ulgamynda täze innowasion çözgütler görkeziler. Şunuň bilen birlikde, «FinTech» forumynyň, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň okuw sapagynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde Halkara startap-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly forumyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça tanyşdyrylyşlar guralar. Olar ulag ulgamynyň geljekki konsepsiýasyny, sebit özara baglanyşygyny we multimodal infrastruktura geçelgelerini, howa ulagynyň durnuklylygyny, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütleri we olara maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini öz içine alýar.

Ýene-de okaň

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi