TEHNOLOGIÝA

Elektrik ulaglara 3,7 milliard dollar maýa goýum

ABŞ-ly awtoulag öndürijisi “Ford” Miçigan, Ogaýo we Missuri ştatlaryndaky zawodlaryna 3,7 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim etdi.

Elektrik awtoulag bazaryna ägirt uly maýa goýumlary meýilleşdirýän awtoulag öndürijileriniň hataryna “Ford” hem goşuldy. ABŞ-da ýerleşýän bu kompaniýa bu pudakdaky ornuny has-da berkitmek üçin 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär.

“Ford” kompaniýasy elektrikli we benzin bilen işleýän ulaglaryny öndürmek üçin Miçigan, Ogaýo we Missuri ştatlaryndaky zawodlaryna 3,7 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim etdi.

Bu beýanatdan soňra paýnamalarynyň 2,4 göterim ýokarlanandygyny gören “Ford”, umumy maýa goýumynyň 2,3 milliard dollarynyň elektrik ulaglaryna sarp ediljekdigini habar berdi.

ABŞ öndürijisi 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde her ýylda 2 milliondan gowrak elektrik awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär. Bu san “Ford” -yň dünýädäki önümçiliginiň üçden birine gabat gelýär.

Türkmenistan Malaýziýa bilen duşuşar

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi