TEHNOLOGIÝA

Tebigaty synlamak üçin robot guş döredildi

Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki federal tehnologiýa institutynyň alymlary dünýäde ilkinji ganatly roboty işläp düzdi. Ol diňe bir uçmak bilen çäklenmän, eýsem gonmagy hem başarýar. Onuň agramy 700 grama deňdir. 

Roboty ýabany tebigaty synlamak hem-de gözegçilik etmek üçin ulanmag göz öňünde tutulýar. Uçarmansyz enjamlardan tapawutlylykda, bu ganatly guş robot ýuwaş we görünmän hereket edip bilýär. Şonuň üçin beýleki ganatly jandarlary gorkuzmaýar. Şeýle hem bu tehnologik işläp düzmäni barmasy kyn etraplardaky turba we elektrik geçirijileri barlamak üçin ulanmak mümkinçiligi bar.

Alymlar bu ganatly guş roboty şahada gondurmagyň kynrak bolup durýandygyny belleýär. Munuň üçin onuň hereketini peseldip, gaçyrman saklamagy başarmak gerek.

Alymlara bu roboty hiç hili heläkçiliksiz uçurmak başartdy. Häzirki wagtda synaglar ýapyk ýerde geçirilýär. Soňra ony açyk meýdan hem geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler