SPORT

Buffon 20 ýyldan soňra dolanyp geldi

43 ýaşyndaky tejribeli derwezeban Janluiji Buffon 20 ýyldan soňra ozalky toparyna dolanyp geldi. Buffon Italiýanyň “Parma” topary bilen ylalaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Buffon aslynda “Parma” toparynyň oýunçysydyr. Ol bu toparyň düzüminde ýetişdi. 2001-nji ýylda “Parma” toparyndan “Ýuwentus” toparynda 52,8 million ýewro geçipdi. Şol döwrüň iň gymmat derwezebany bolupdy.

20 ýyldan soňra “Ýuwentus” toparyndan öz toparyna dolanyp geldi. “Parma” topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen möwsümde 14 duşuşykda çykyş eden Buffon 6 duşuşykda derwezesine gol geçirtmedi.

Ol 1995-2001-nji ýyllarda “Parma” toparynyň derwezesini gorapdy. Ol “Ýuwentus” toparynyň düzüminde çykyş edne döwründe 10 gezek Italiýanyň çempiony bolup, 4 gezek Italiýanyň kubogyny, 6 gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.

Buffon 2018/2019-nji ýylyň möwsüminde Fransiýanyň “PSŽ” toparynda hem çykyş edipdi.

Ol 1997-2018-nji ýyllarda Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezesini hem gorapdy. Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 176 duşuşykda çykyş edip, rekord goýupdy. Buffon 2006-njy ýylda dünýäniň çempiony bolupdy, 2012-nji ýylda bolsa Ýewropa çempionatynda ikinji orny eýeläpdi.

 

Ýewro-2020: 18-nji iýunyň duşuşyklary

 

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy