SPORT

Usman Habibiň ýoluny mynasyp dowam etdirýär

Habib Nurmagomedowyň dogany Usman Nurmagomedow çempionlyk ýaryşynda mynasyp oýun görkezip, çempionlyk kemerini goramagy başardy.

7-nji sentýabrdan 8-nji sentýabra geçilen gije Amerikanyň San-Diego şäherinde ” Bellator Champions Series 4″ ýaryşynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Şonda ýeňil agramda çykyş edýän Usman Nurmagomedow özüniň watandaşy russiýaly türgen Aleksandr Şabliý bilen duşuşdy. Tutluşyk emin agzalarynyň birgazyk çykan netijesi bilen Usman Nurmagomedowyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Usman Nurmagomedow ýeňil agramda “Bellatorw” çempionlyk kemerini gorady.

26 ýaşyndaky Usman 2017-nji ýylda sportuň başa-baş göreşi bilen dürli ýaryşlara çykyp ugrady. Ol 2021-nji ýylda “Bellator” ýaryşlarynyň çäklerinde özüni görkezip başlady we 2022-nji ýylda brazil türgen Patrik Freýräni ýeňip, çempionlyk kemerini aldy.

Şoňa çenli Usman 17 gezek ýeňiş gazanyp, hiç ýeňlip görmändi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy