SPORT

ABŞ we Meksika dünýä çempionata gatnaşýar

Meksika bilen ABŞ-nyň milli ýygyndylary hem Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Demirgazyk Amerika boýunça saýlama tapgyrynyň ahyrky duşuşygynsa Meksikanyň ýygyndysy Salwadory 2:0 hasabynda ýeňip, toparçasynda 2-nji orne eýeledi.

Şeýlelikde, Meksika bassyr 8-nji gezek, umumylykda bolsa 17-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýar.

ABŞ-nyň ýygyndysy bolsa Kosta-Rikadan 2:0 hasabynda utulandygyna garamazdan,  25 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Amerikalylar 11-nji gezek dünýä çempionatynda oýnar. Olar soňky gezek 2014-nji ýyldaky çempionatda oýnapdy.

Kosta-Rika 4-nji orny eýeläp, Okeaniýa sebitinden Täze Zelandiýa bilen pleý-off tapgyrynda duşuşar.

Demirgazyk Amerika yklymyndan toparçada birinji bolup, Kanada dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

 

Dünýä çempionatynyň futbol topy tanyşdyryldy

Related posts

Meşhur boks ýyldyzlarynyň tutluşygy

Fýuri bilen Usigiň tutluşygynyň senesi yglan edildi

Futbol çempionatlary haçan başlar?