JEMGYÝET

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalar

“Atawatan Türkmenistan” döredijilik topary hökmünde awtoralli mynasybetli Türkmenistany we “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň geçirilýän ugurlaryny tanyşdyrmak maksady bilen makalalar toplumyny çap etmäge başlaýarys. Ilki bilen Siz hormatly okyjylarymyza, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky galalar baradaky gysga maglumatlary ýetirýäris.

 

Amul

Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän Amulyň orta asyrlarda 200 töweregi gektara barabar meýdany bolup, şol döwürleriň belli şäheri PariŽiň meýdany hem şol ululykda ekeni. Amul arheologlaryň pikiriçe, iki müň ýyl töweregi öň döräp, Amyderýanyň üstünden amatly geçelgäniň bolmagy bu şäheriň gülläp ösüşlerine düýpli täsir edipdir.

Hojaidat

Amulyň günorta tarapynda ýerleşýän Hojaidat galasy barada birnäçe rowaýatlar beýan edilýär. Bularyň ählisinde hem «Hojaidat» adynyň galany arap goşunlarynyň basyp almagyndan soňra dörändigini tassyklaýar. Rowaýatlaryň troýalylaryň aty hakyndaky rowaýata hem-de «Alybaba we kyrk garakçy» ertekisine menzeşdigini aňmak bolýar.

Daýahatyn

Amulyň demirgazygynda ýerleşýän, Daýahatyn diýlip tanalýan şäherde duş gelýän ilkinji kerwensaraýyň ýaşynyň IX asyrdan gaýdýandygyny, ony guranyň hem Tahyrylar hökümdarlygyny esaslandyryjy Tahyr al-Hüseýindigini taryhçylar belläp geçýärler. Bu iri düşelgede diňe bir gury ýer bilen barýan ýolagçylar däl, eýsem, derýa gatnawy bilen ýol aşýan täjirler-de kerwensaraýda düşläp geçipdirler.

Soltangala

Soltangala seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda – XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy – Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr. Gapdal diwarlary 1,7-den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr.

Gäwürgala

B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter tarapyndan tiz wagtda bina etdirilen dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir. Geçmişde «butparazlaryň galasy» ýa-da «kapyrgala» ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize Gäwürgala ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.

Erk gala

Merwdäki ilkinji şäher Ahemenid imperiýasynyň döwründe gurulýar. Patyşa Kir Merw oazisini 12 ga golaý ýeri tutan täze şäher Erk Galany gurmak üçin saýlapdyr. Bu dolandyryş we söwda üçin gülläp ösýän merkeze öwrülipdir. Goranmak üçin gurlan uzyn diwarlar çig kerpiçden, halka görnüşinde dikeldilipdir. Onuň içinde köşkler, ybadathanalar, öýler we goşun ýatakhanalary bolupdyr.

Uly we kiçi gyzgala

Rowaýata görä, Uly Gyzgala, Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri gadymyýetde Gyzgala hem-de Ýigitgala diýlip atlandyrylypdyr.

Uly Gyzgala Merw oazisinde iň uly köşkdür. Onuň günorta we gündogar taraplary beýleki taraplara görä gowy saklanypdyr we onuň iç tarapyndan otaglaryň we ýokarky gatyň subutnamalary görünýär. Kiçi Gyzgala munuň ýakynynda ýerleşip, tas kwadrat we iki gatly jaý bolupdyr. Içki otaglaryň birisi, şeýle hem basgançakly girelge abat ýagdaýda saklanypdyr.

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

IMO Hesabı : +993 65 80 24 70     

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Arkadag şäherinde Aziýanyň ösüş banky bilen ähtnama gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa ösüş bankynyň wekili Artur Andrisýagy kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz yslam döwletlerine ýeke-täk energetika gurşawyny döretmegi teklip etdi

Milli Liderimiz bilen bilen Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik