SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Related posts

Türkiýe syýahatyňyzy has täsirli etmek üçin möhüm «Syýahatçylyk maslahatlary»

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: halkara uçar gatnawlaryň täze tertibi