SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň syýahatçylyk meýilnamasy: 60 million syýahatçy

Türkiýe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 60 million syýahatçyny kabul eder we 60 milliard dollarlyk syýahatçylyk girdejisini alar. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi.

“Iýul aýynyň ahyryndaky maglumata laýyklykda, biziň ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sany 35 milliona ýetdi. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 60 million syýahatçyny we syýahatçylyk girdejisini 60 milliard dollara ýetireris” – diýip, Prezident Ärdogan belledi.

Türk Lideri 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçynyň Türkiýä gelendigini we syýahatçylyk girdejileriniň 56 milliard dollara barabar bolandygyny hem ýatladyp geçdi.

2023-nji ýylda Türkiýä gezelenje gelenleriň sanawynda ilkinji orny Russiýa Federasiýasynyň raýatlary alypdy, bu görkeziji 6,3 million syýahatça deň boulpdy. 2024-nji ýylda çaklamalara görä Russiýanyň syýahatçylarynyň sany 7 milliona ýetip biler.

Related posts

Bill Geýts “omikron” çaklamasy

Ata Watan Eserleri

Abu-Dabi 55 döwlet üçin karantin çärelerini ýatyrar

Türkmenistan Hytaýdaky raýatlarymyzy alyp geler

Ata Watan Eserleri