SPORT

Türkmenistan bilen Russiýa ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Russiýa Federasiýasynyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli gurajak we gurnamgy meýilleşdirýän ýoldaşlyk duşuşyklary barada habar berdi. Şol geçirilmegi göz öňünde tutulýan ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hatarynda oktýabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen hem duşuşyk geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýanyň metbugat gulluklary habar berýär.

Sentýabr aýynda Russiýanyň ýygyndysy 5-nji sentýabrda Wýetnam, 7-nji sentýabrda bolsa, Tailand bilen duşuşar.

Oktýabr aýynda bolsa, rus ýygyndysynyň garşydaşlary Aziýa yklymyndan Malaýziýa bilen Türkmenistanyň bolmagyna garaşylýar. 14-nji oktýabrda Malaýziýa Täze Zelandiýa bilen duşuşyk geçirýändigi üçin bu ýygyndy bilen 9-10-njy oktýabrda duşuşmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Russiýanyň ýygyndysy 15-nji noýabrda Siriýanyň ýygyndysy bilen Moskwada ýoldaşlyk duşuşygyny guramagy göz öňünde tutýar.

Related posts

“Arkadag” topary Türkiýede ukrain topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Ata Watan Eserleri

“Altyn top” baýragy üçin esasy 10 dalaşgär

Amerikaly futbol ýyldyzynyň taryhy şertnamasy