MEDENIÝET

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Gyrgyzystanda ilkinji gezek täsin medeni taslama — Bişkek–Garakol ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan uçaryň içinde moda görkezilişi geçirildi. Bu barada Medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministrligi habar berdi.

Görkezilişiň esasy böleginde meşhur dizaýner Aýperi Obozowanyň awtorlyk ýygyndysy hödürlendi. Dizaýner köp ýyllaryň dowamynda gyrgyz däp-dessur nagyşlaryny we etniki elementlerini döwrebap stilde şöhlelendirip, milli medeniýeti halkara derejesinde tanadyp gelýär.

Moda görkezilişi gönüden-göni uçuş wagtynda geçirildi: modeller uçaryň salonyndan ýöräp geçip, lybaslary görkezdiler. Çärä professional modeller bilen bir hatarda tanalýan blogerler we artistler gatnaşdy. Taslamanyň aýratynlygy onuň garaşylmadyk formaty boldy — ýolagçylaryň bir bölegi üçin bu görkeziliş uly sowgat boldy.

Taslamanyň ideýa awtory we başlangyççysy hökmünde režissýor, Gyrgyzystan Respublikasynyň medeniýet işgäri Olesýa Semikoz çykyş etdi.

Bu taslamanyň diňe bir Gyrgyzystanda däl, eýsem sebitde hem ilkinji şeýle tejribe bolup, ýurduň döredijilik industriýasynyň mümkinçiliklerini görkezendigi bellenilip geçilýär.

Related posts

Aşgabatda däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary tapyldy

Ata Watan Eserleri

«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

“Türkmen teatr sungaty” — milli medeniýetiň gymmaty

Ata Watan Eserleri