BILIM

Türkmen-gazak bilim gatnaşyklary berkidilýär

Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystan Respublikasynyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda taraplar bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine laýyklykda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen birlikde, duşuşykda türkmen talyplarynyň Gazagystanda bilim almagy, bilim ulgamyna sanlylaşdyrma we emeli aňy ornaşdyrmak ýaly möhüm meselelere garaldy.

Maslahatyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda ýokary bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnukly ýollaryny döretmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Talyp-2023: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

Talyp-2025: Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi