JEMGYÝET

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Dabaradan soňra gysgaça pikir alyşma boldy, onuň dowamynda Baş sekretara Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamy  ýetirildi. Öz gezeginde Baş sekretar BMG-niň işine yzygiderli goldaw berýändigi we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallygyny we çuňňur hormatyny ýetirmegi haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda sebit we halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasyny we araçylygy ösdürmek, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalar, aýratyn-da ulag, energetika we daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk barada bellenip geçildi.

Baş sekretar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň, esasan hem möhüm geosyýasy we geoykdysady meseleleriň çatrygynda ýerleşýän sebitde durnuklylygy üpjün ediji faktor hökmündäki uly ornuny nygtady. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine we ösmegine, şol sanda bu ýurduň iri sebit ulag we energetika başlangyçlaryna goşulyşmagyna berýän amaly goşandyna ýokary baha berildi.

Baş sekretar 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýatlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan görkezilen däp bolan myhmansöýerlige, şeýle hem onýyllyk üçin Awaza Hereketler maksatnamasynyň kabul edilmegine hoşallyk bildirdi.

Baş sekretar BMG-niň Sekretariatynyň Türkmenistan bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Related posts

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşdy

Öğrenci Vizelerinde Yeni Uygulama Geliyor

vepa