Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda «Suw durnukly ösüş üçin» 2018-2028 halkara hereketleriň onýyllygy boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Şu ýylyň 25-28-nji maýy aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriljek foruma bagyşlanan brifinge “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň gurnan brifingine Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Eýranyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň we Ermenistanyň ilçileri gatnaşdy.
Brifingde çykyş eden Täjigistanyň ilçisi öňde boljak halkara forum barada giňişleýin maglumat berdi. Ilçiniň bellemegine görä, bu brifing «Suw durnukly ösüş üçin», 2018-2028 halkara hereketleriň onýyllygy boýunça 4-nji ýokary derejeli halkara maslahatyna bagyşlanýar.
Brifingde Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisiniň belläp geçişi ýaly, suw — bu adamzat maksatlarynyň ählisiniň diýen ýaly gurluşyny düzýän «binýatdyr». Suw meselelerini çözmän, ykdysadyýetde ýa-da ekologiýada öňegidişlik gazanmak mümkin däl.
Suw diňe bir tebigy baýlyklaryň biri bolman, eýsem BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) 17-siniň her birine ýetmek üçin zerur bolan baglaýjy ugurdyr. Täjigistan suw başlangyçlaryny öňe sürmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup, 2000-nji ýyldan bäri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 7 sany kararnamanyň, şol sanda «Suw durnukly ösüş üçin, 2018-2028» halkara hereketleriň onýyllygynyň başlangyjynyň öňdebaryjysy boldy. Esasy başlangyçlar arassa agyz suwuna elýeterlilige, hyzmatdaşlygy ösdürmäge, buzluklary goramaga we Duşenbe suw prosesini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Esasy global başlangyçlar we kararnamalar:
-
2003-nji ýyl: Halkara süýji suw ýyly.
-
2005-2015-nji ýyllar: «Suw ömür üçin» halkara hereketleriň onýyllygy.
-
2013-nji ýyl: Halkara suw hyzmatdaşlygy ýyly.
-
2018-2028-nji ýyllar: «Suw durnukly ösüş üçin» halkara hereketleriň onýyllygy.
-
2025-nji ýyl: Halkara buzluklary goramak ýyly.
«Suw durnukly ösüş üçin», 2018-2028 halkara hereketleriň onýyllygy boýunça 4-nji ýokary derejeli halkara maslahaty 2026-njy ýylyň 25-28-nji maýy aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriler.
Şu güne çenli Duşenbe şäherinde suw onýyllygy boýunça üç sany maslahat üstünlikli geçirildi:
-
Birinji maslahat: 2018-nji ýylyň 20-22-nji iýunynda.
-
Ikinji maslahat: «Ýerli, milli, sebit we global derejelerde suw serişdeleri babatynda hereketleri we hyzmatdaşlygy höweslendirmek» ady bilen 2022-nji ýylyň 6-9-njy iýunynda.
-
Üçünji maslahat: 2024-nji ýylyň 10-13-nji iýunynda.

2026-njy ýylyň 25-28-nji maýynda 4-nji Duşenbe maslahatynyň guralmagy, Täjigistanyň syýasy gepleşikler, tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy kemala getirmek we global hereketleri işjeňleşdirmek üçin inklyuziw platforma döretmek baradaky köpýyllyk däbini dowam etdirer.
Şeýle-de, maslahat öňdebaryjy tejribeleri we innowasion çözgütleri alyşmaga, taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, durnukly ösüşde suw serişdeleriniň ornuny ýokarlandyrmaga we syýasy erki kemala getirmäge gönükdirilendir.
Maslahat bilen bagly çäreler dört günüň dowamynda — 2026-njy ýylyň 25-28-nji maýynda geçiriler.
-
25-nji maý: Forumlar we ugurdaş çäreler (açylyşyň öň ýanynda).
-
26-27-nji maý: Resmi Ýokary derejeli maslahat («Kohi Somon» toplumynda).
-
28-nji maý: Halkara gatnaşyjylar üçin Täjigistanyň suw serişdelerini dolandyrmak tejribesi bilen tanyşmak üçin meýdan saparlary we tanyşdyryş gezelençleri.
