JEMGYÝET

“Instagram”: täze programmasy barada…

“Instagram” jemgyýetçilik tory-gysga möhletli wideo aýratynlygy bolan “Reels” programmasyny işe girizdi. “Reels” programmasy bilen adamlar ses, effektler we täze döredijilik gurallary arkaly 15 sekuntlyk wideo düşürip we redaktirläp bilerler.

Instagram Reels” programmasy hakynda…

“Reels” wideolary ýazgylar ýa-da hekaýalar bölüminde paýlaşylyp bilner we jemgyýetçilik wideolaryny programmanyň “Syn” bölüminde görüp bilerler. “Reels”  tarapyndan hödürlenýän döredijilik usullary we “Syn” sahypasyndaky bu täze bölüm bilen, “Instagram” ulanyjylara dörediji bolmak we dünýäniň çar künjeginden hemmeler üçin şähdiaçyk bolmak mümkinçiligini bermegi maksat edinýär. Bu programma bilen “Instagram” ulanyjylara özlerini beýan etmegiň täze döredijilik usullaryny, halaýan zatlaryndan has köp zatlary öwrenmek we dörediji bolmak isleýänler üçin ähli zady üpjün etmegi maksat edinýär.

REELS” wideosyny nädip döredip bolar?

“Reels” wideolary klipler hökmünde, telefonyňyzda bir gezek surata düşürip ýa-da telefondaky galereýadan wideo ýüklemek arkaly döredip bolýar. Şeýle hem programma dürli döredijilik usullary üçin redaktirleme bölüminde hem hödürleýär.

Audio: Adamlar öz seslerinden peýdalanyp, “Instagram” aýdym-saz  kitaphanasyndan saýlap bilmek mümkinçiligi hem hödürlenýär. Asyl sesi ulanýanlar jemgyýetçilik hasaplarynda onuň sesi hasaba alynar we beýleki ulanyjylar ony “Reels “ wideolarynda hem ulanyp bilerler.

Effektler: Galereýada – “Instagram” we dünýädäki döredijiler tarapyndan döredilen dürli hakyky effektleri ýerleşdiriler.

Taýmer sanamak: Taýmeriň hasaplamagy bilen wideo öz-özi düşürip biler.

Deňleşdirme:  Kliplery aýratyn düşürip, soňra bolsa iki klipiň arasynda pasgelçiliksiz geçiş üpjün etmek üçin deňleşdirme ulanyp bilner.

Tizlik: Wideo we sesiň käbir bölekleri çaltlaşdyrylyp ýa-da haýallaşdyrylyp bilner.

INSTAGRAM REELS Wideolaryny nädip paýlaşmak hakynda…

Jemgyýetçilik akkauntlary: “Reels” wideolaryny “Discover” goýmasynyň “Reels” bölüminde paýlaşyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, wideosyny öz  yzarlaýjylary bilen paýlaşyp bilýär. Belli aýdymlary, heştekleri ýa-da effektleri ulanyp, “Reel” wideolary şol aýdym, heştek we effektlere mahsus sahypalarda hem görkezilip bilner.

Şahsy hasaplar: “Reels” wideolaryny diňe yzarlaýjylary bilen paýlaşyp bilerler. Beýlekiler bu wideolaryň asyl sesini ulanyp bilmeýärler we belli bir şahsy yzarlamaýan adamlar bilen wideo paýlaşyp bilmeýärler. “Reels” wideolary hekaýa, ýakyn dostlar bilen hem paýlaşylyp bilner.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri