JEMGYÝET

“Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiniň meseleleri hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasyna seredildi

Sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýigriminji maslahaty geçirildi.

Maslahatda “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiniň meseleleri hakynda” Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna hem garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň özgerdilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmekde, şäherleşmek derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bularyň ählisi durmuş-ykdysady ösüşiň esasy görkezijileridir. Çykyş edenler bu karar taýýarlanylanda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen mejlisde öňde goýlan möhüm wezipeleriň hasaba alnandygyny bellediler.

Mejlisiň degişli karary döwletimiziň dolandyryş-çäk gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleriniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Mejlisiň deputatlary bu ugurda geçirilýän işleriň ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan halkara maslahat

Ýurdumyz boýunça oba hojalyk ekinleri barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment