JEMGYÝET

Ýewro-2024: Fransiýa ýeňiş gazandy, Mbappeniň burny döwüldi

Germaniýada dowam edýän Ýewropa çempionatynda Kilian Mbappeli Fransiýanyň ýygyndysy Awstriýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Dýusseldorf şäherinde geçirilen duşuşykda Fransiýa 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Meşhur tälimçi Didiýer Deşamyň tälimçiliginde Fransiýanyň ýygyndysy 100-nji ýeňşini gaazandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 38-nji minutda Awstriýanyň futbolçysy Maksimilian Weber öz derwezesine girizdi.

Duşuşygyň iň gynandyjyry pursaty 90-nji minutda bolup geçdi. Fransiýanyň ýyldyzy Kilian Mbappe burnundan şikes alyp, meýdançadan çykdy.

Metbugat neşirleriniň habaryna görä, Mbappeniň burny döwülipdir, ol Dýusseldorf şäherinde operasiýa ediler.

Fransiýa indiki duşuşygyny 21-nji iýunda Niderlandlar bilen oýnar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkiye ve Türkmenistan Liderleri telefonda görüştü

vepa

İran devrimin 40. yıl dönümünü Aşkabat’ta da kutlandı

vepa