Türkmen diliniň ösdürilmegine hem-de dürli medeniýetleriň arasynda köpri gurmaga gönükdirilen “Makul Language Series” taslamasynyň üçünji kitaby — “Makul English & Turkmen Proverbs” — indi ABŞ-nyň iň uly kitap platformalarynyň biri bolan Barnes & Noble arkaly okyjylara hödürlenildi.
Bilşiňiz ýaly, Makul sözlük platformasynyň kitaplary Amazon arkaly hem neşir edilip, dünýä okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Täze neşir bolsa indi goşmaça hökmünde Barnes & Noble Press platformasynda hem çap edilip, dünýäniň dürli künjeklerinden okyjylara elýeterlidir.

Barnes & Noble ABŞ-nyň iň iri kitap satuw ulgamlarynyň biri bolup, onuň resmi onlaýn platformasynda millionlarça kitap we neşirler ýerleşdirilýär. Bu platforma dünýäniň dürli ýurtlaryndan awtorlaryň eserlerini hödürleýär we akademiki hem-de giň okyjy köpçüligi tarapyndan giňden ulanylýar. Kitabyň şeýle platformada neşir edilmegi onuň halkara derejesinde has giň tanalmagyna mümkinçilik berýär.
“Makul English & Turkmen Proverbs” kitaby iňlis we türkmen nakyllarynyň giň toplumyny öz içine alýar. Kitapda iňlis nakyllarynyň türkmen dilindäki düşündirişleri hem-de türkmen nakyllarynyň iňlis dilindäki deňeşdirme görnüşleri berlip, iki halkyň arasynda dil we medeni baglanyşyk aýdyň görkezilýär. Nakyllar her bir milletiň taryhyny, durmuş tejribesini we gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Bu eseri taýýarlamak döwründe dürli nakyllaryň arasynda uly meňzeşlikleriň bardygy ýüze çykaryldy we bu ýagdaý halklaryň arasynda umumy pikirleriň hem-de gymmatlyklaryň bardygyny görkezýär.
Dr. Döwran Orazgylyjowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan taýýarlanan we Makul hyzmat terjime merkeziniň goldawy bilen çap edilen bu kitap “Makul Language Series” taslamasynyň üçünji neşiri bolup, öň neşir edilen “Makul English–Turkmen Dictionary” hem-de “Makul English–Turkmen Language Handbook” kitaplaryny dowam etdirýär. Seriýa diňe bir dil serişdesi bolman, eýsem dürli medeniýetleriň arasynda düşünişmegi ösdürýän möhüm gollanma hökmünde çykyş edýär.
Kitap bilen tanyşmak we satyn almak üçin Barnes & Noble resmi sahypasyna ýüz tutup bolýar.
“Makul English & Turkmen Proverbs” kitabynyň Barnes & Noble ýaly dünýä belli platformada ýerleşdirilmegi türkmen diliniň halkara derejesinde ösdürilmegine goşant goşýan möhüm ädimleriň biri hökmünde baha berilýär.
