JEMGYÝET

Türkmenistanda täze baş prokuror wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 6 aýynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň razylygy bilen ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mälikgulyyewi Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellenipdi.

 

Türkmenistan Russiýanyň 2 şäherine uçýar

 

Related posts

7.RECCA Bakanlar Toplantısı, Aşkabat’ta yapıldı

vepa

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

İstanbul’da Aziada-2017 sergisi düzenlendi

vepa