SPORT

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

AFK Elit Çempionlar ligasynyň 2025/2026 möwsüminiň finaly tamamlandy. Saud Arabystanynyň «Al-Ahli» we Ýaponiýanyň «Maçida Zelwiýa» toparlarynyň arasynda geçirilen AFK Elit Çempionlar ligasynyň 2025/2026 möwsüminiň final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda 1:0 hasaby bilen Saud Arabystanynyň topary ýeňiş gazandy.

Duşuşyk Jidda şäherindäki (Saud Arabystany) «King Abdulla Sports Siti» stadionynda geçirildi. Oýnuň baş emini bolup özbegistanly Ilgiz Tantaşew çykyş etdi.

Oýun barada:

  • 68-nji minut: «Al-Ahli» toparynyň oýunçysy Zakariýa Hausaui gyzyl kart aldy.

  • 90+6-njy minut: Saud toparyndan Mohammed Abdulrahman meýdançadan çykaryldy.

  • Esasy wagt: Toparlar esasy wagtda gol salyp bilmediler.

  • 96-njy minut: Firas Al-Buraýkan gol geçirip, toparyna ýeňiş getirdi.

Geçen ýyl hem bu ýaryşyň ýeňijisi Saud Arabystanynyň «Al-Ahli» topary bolupdy. Olar finalda Ýaponiýanyň «Kawasaki Frontale» toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňipdiler.

Bu ýaryşda iň köp ýeňiş gazanan topar bolsa Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparydyr (4 gezek).

Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan AFK Elit Çempionlar ligasy bilen bir hatarda AFK-2 Çempionlar ligasy ýaryşy hm guralýar. Bu ýaryşa Türkmenistanyň “Arkadag” topary hem gatnaşyp, netijeli oýun görkezipdi.

Related posts

“Arkadag” topary uly hasaply ýeňiş gazandy

Özbegistan Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi