SPORT

Messi ― parahatçylygyň çempiony

«Barselona» futbol toparynyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi alyp barýan haýyr-sahawat işleri üçin Monako Şazadasy Alber II tarapyndan «Parahatçylygyň çempiony» atly baýraga mynasyp görüldi.

«Messiniň futbol meýdanyndaky oýnuny, meýdanyň daşyndaky haýyr-sahawat işleri hemmeleriň ýüreginde ýakymly orun tutýar» diýip, oňa bu baýragy beren Şazada aýtdy.

Messiniň özi bolsa: «Aslynda, men baýraklaryň yzyndan kowup ýören adam däl. Ýöne bu baýragy alanyma diýseň begendim» diýip, Şazada hoşallyk bildirdi.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Related posts

Aziýa çempionatynda ýene bir medal gazandyk

Kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi

Mer­gen Orazow «Arkadag» toparyna tälim berýär

Ata Watan Eserleri