JEMGYÝET

Baş prokuror Atdaýew wise-premýer boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda oba hojalyk hem-de söwda toplumyny has-da ösdürmäge degişli meselelere aýratyn üns berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Çary Gylyjow işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinde işlän Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi. Ol baş prokuror wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Batyr Atdaýew 2011-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesini ýerine ýetiripdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär