JEMGYÝET

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 22-nji maýda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk edýän döwründe geçiriler.

Bu barada GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko Minsk şäherinde guramanyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde aýtdy.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda gün tertibine 11 meseläni girizmek teklip edilýär. Olar ilkinji nobatda ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, kongres-sergi işi hem-de sanlylaşdyrma bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarus) we 2028-nji ýylda Karaganda şäherine (Gazagystan) GDA-nyň medeni paýtagty diýen derejesini bermek meselesine seredilmegi meýilleşdirilýär.

Related posts

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçirilýär

EKOSOS Maslahaty geçirildi

vepa

Emmanuel Makron: Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini meni guwandyrýar