JEMGYÝET

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Dünýä döwletleriniň Merkezi Aziýa döwletlerine bolan gyzyklanmasy barha artýar. Şonuň netijesinde, “CA5+” formatynda hyzmatdaşlyk duşuşyklary geçiriler. Bu ugurda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan ýaly döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy.

Şeýle formatlaryň ýene-de biri “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” hyzmatdaşlyk görnüşi döredilýär. Bu ugurda “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy 25-26-njy fewralda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçiriler. Bu barada gyrgyz we gazak metbugatynda habar berilýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Beýik Britaniýanyň daşary işler boýunça döwlet sekretary Iwett Kuperiň arasynda duşuşyk geçiriler.

Gepleşiklere Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri gatnaşar. Olar söwda, maýa goýumlary, infrastruktura, bilim we sebit howpsuzlygy meselelerini, şeýle hem “Orta Koridor” boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegi ara alyp maslahatlaşarlar.

Related posts

Türkmenistan-ÝB-niň bilelikdäki komitetiniň onlaýn duşuşygy

Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolar

Ata Watan Eserleri