DÜNÝÄ

Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy.

Özara hereketleriň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamy bellenildi we onuň çäklerinde bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Iki ýurduň medeni we ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary babatynda durup geçdiler.

Related posts

Pakistanyň ministri: Türkmenistan bilen gol çekiljek üstaşyr söwda ylalaşygy tamamlaýjy tapgyrda

Aşgabatda “Merkezi Aziýa – ÝB” ministrler duşuşygy geçiriler

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi