DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Wýetnam ýokary derejedäki saparlary guramagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) täze bellenen Ilçisi Dang Ming Hoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.

W.Hajiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar wajyp ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýokary derejedäki saparlary guramak meseleleri babatynda pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Wýetnamyň Parlamentleriniň türkmen-wýetnam dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary iki ýurduň parlamentariýleriniň saparlaryny alyşmak arkaly işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, BMG-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Owganystanda gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Binaly Ýyldyrymy kabul etdi

Italiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary