TEHNOLOGIÝA

Ähli Android-smartfonlar öňkiden çalt işleýär

“Google” kompaniýasy “Android” amallar ulgamynda (AU) programmalaryň iş gurşawy bolan “Android Runtime”-i (ART) täzeledi. Bu täzelenme “Android” ulgamyň esasynda işleýän ähli enjamlarda diýen ýaly programmalaryň işe girizilmegini çaltlaşdyrdy. Bu barada mail.ru habar berýär.

“Android 12” we “13” üçin “ART” -iň täze görnüşinde “Google” täze optimizasiýalaryň has çaltlaşdyrylmagyny üpjün etdi we mikro-ýalňyşlyklary düzetmek üçin täze patçlar has tiz gelip başlady. Munuň netijesinde smartfonlarda, planşetlerde we beýleki Android enjamlarynda programmalaryň işe girizilmegi takmynan 30% ýokarlandy. Tizlenme göterimi enjamyň belli bir modeline baglydyr.

Şeýle hem, ulanyjylar “Android 13”-e esaslanýan täze enjamlaryň işe girizilmegi hem tizlenendigini bellediler. Indi bu amal ortaça öňkiden 20 sekunt az wagt alýar.

Related posts

Google-dan çagalara täze programma

Äpet altyn aýna üstünlikli açyldy

Tehnologiýa bazarynda “DeepSeek” täsiri: “Nvidia”-nyň bazar bahasy 500 milliard dollar pese gaçdy

Ata Watan Eserleri