DÜNÝÄ

Ahal welaýatyna täze häkim bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Toýguly Nurmyradow bellendi.

Related posts

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Ýapon çagalaryna Magtymgulynyň ömri we döredijiligi tanyşdyryldy

Türkmen-taýland işewürlik forumlaryny geçirmek maslahatlaşyldy