DÜNÝÄ

NEXI agentligi Türkmenistandaky taslamalara gyzyklanma bildirýär

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy H.Urata bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen NEXI agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara NEXI ätiýaçlandyryş agentliginiň gatnaşmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapy NEXI agentliginiň ýolbaşçylarynyň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň örän netijeli bolandygy barada belledi.

Related posts

Günorta Koreýa ABŞ-nyň ykdysadyýetine 350 milliard dollar maýa goýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze Prezidenti

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment