DÜNÝÄ

Awstriýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Awstriýa-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda Awstriýa-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy türkmen parlamentiniň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde ikitaraplaýyn esasda döredilen dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramak babatda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaş we zenan parlamentarileriň syýasy ornunyň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada söhbet edildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň hyzmatdaşlygy ilerletmekde ähmiýeti bellenildi.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler