JEMGYÝET

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Halkara şahadatnamasynyň birnäçesine mynasyp boldy

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Halkara şahadatnalarynyň gowşuruş dabarasy geçirildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýasy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurýar.

Täze ýokary okuw mekdebi şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde Atly sporty boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan Halkara akademiýasy» atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Bu şahadatnamany ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Katar atly sport federasiýasynyň we döwrebap oýunlar federasiýasynyň Baş kätibi Ahmad Nuh Al-Tani dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Related posts

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing

ABŞ-nyň ilçihanasyndan iş orny mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynda 1041 sany täze iş orny dörär