Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 29-njy martda bu işe başlarlar.
Asylly däbe görä, gowaça ekişi hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginde başlandy. Şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektara golaý meýdan taýýarlandy. Bu çözgüt täze dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki islegleriň artmagy nazara alnyp, kabul edildi. Gowaça ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar.
Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasyly tabşyrylar.
Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekiji gurallaryň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müňden gowragy peýdalanylar.
Şeýle hem şu möwsüme ýurdumyzda ýakynda gelip gowşan täze tehnikalary, hususan-da, ekiji gurallaryny, dünýä belli «John Deere» kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlary çykarmak meýilleşdirildi.