JEMGYÝET

Katalin Nowakdan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Katalin Nowak Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi. Ol öz gutlag hatynda diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny belläpdir.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygymy ynandyrmak isleýärin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekde täze ugurlar boýunça baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-halkara-e-tir-ulgamyna-gosular/

Related posts

Türkmenistan GDA-daky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Sürüjileriň dykgatyna

Ata Watan Eserleri

Asya Oyunları Medya Forumu yapıldı

vepa