JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kubmetre golaý tebigy gaz iberildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur “CGTN” teleýaýlymynyň habarçysynyň sowallaryna jogap berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “CGTN” teleýaýlymynyň habarçysy bilen geçirilen interwýuda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy baradaky sowallara jogap berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika pudagynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi taslamasyny amala aşyrmak boýunça türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baş ylalaşyga gol çekilendigini bellän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bu gaz geçirijisiniň ulanmaga berlendigini belledi.

– Şol günden başlap, ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan her ýylda 40 milliard kubmetre golaý tebigy gazy Hytaýa iberýär. 2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kubmetre golaý tebigy gaz iberildi. Häzirki wagtda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kubmetre ýetirmek babatda bilelikde işleýäris.

Ýene-de bir möhüm wakany bellemek isleýärin. Hytaýyň CNPC kompaniýasy Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu taslama tebigy gazyň her ýyl goşmaça 10 milliard kubmetrini ibermäge niýetlenendir – diýip,  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar