DÜNÝÄ

Dünýä syýahatçylygy 4 göterim ösdi

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) habar bermegine görä, 2019-njy ýylda halkara syýahatçylaryň sany 1,5 milliarda ýetip, geçen ýyly garanyňda 4 göterim köp boldy. şeýlelikde 10 ýyl bassyr yzly-yzyna ösüş gazanyldy.

Guramanyň hünärmeni Sandra Karwao bu barada beren beýanatynda 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 2019-njy ýylda halkara syýahatçylarynyň sany 54 million artdy.

Halkara syýahatçylygynda ösüş depgininiň ýokary görkezijisi Ýakyn Gündogarda bolup geçdi. Bu sebitiň görkezijisi 2018-nji ýyla garanyňda, 8 göterim köp boldy.  Ösüş depgini boýunça ikinji orunda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti (5 göterim) we üçünji orunda Ýewropa (4 göterim) barýar.

2020-nji ýylda hem Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy syýahatçylyk pudagynda täze ösüşlere garaşýar. Çaklamalara görä, ösüş depgini 3-4 göterime barabar bolar. Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary we Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisi syýahatçylyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary