DÜNÝÄ

Çilime gadaganlyk girizdi

Tutuş dünýäde çilim çekmäge garşy göreş yzygiderli güýçlendirilýär. Bu ugurda Italiýa Respublikasynda hem degişli işler alnyp barylýar. Ýurduň esasy iri şäherleriniň biri bolan Milan şäherinde jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmäge gadaganlyk girizildi.

Şäherde stadionlar, seýilgähler we awtobus duralgalary ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmäge gadaganlyk girizmek hakyndaky düzgünnama güýje girdi.

Şoňa laýyklykda jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň 10 metr golaýynda çilim çekmek gadagandyr. Bu düzgün bozulan halatynda 40 bilen 240 ýewro arasynda pul jerimesi salnar.

Milan şäheriniň häkimligi bu gadagançylygyň maksadynyň howanyň hapalanmagyny azaltmak we raýatlaryň saglygyny goramakdan ybaratdygyny belledi. Bu barada berlen beýanatda howanyň hapalanmagyna sebäp bolýan inçe bölejikleriň (PM) 7 göteriminiň çilim tüssesinden gelendigi aýdylýar.

Düzgünnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan çilim çekmek gadagançylygynyň ähli jemgyýetçilik ýerlerine ýaýradylmagy göz öňünde tutulýar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar