JEMGYÝETSÖHBETDEŞLIK

Hakberdi Hudaýberdiýew: Zehin bilen zähmet sazlaşanda…

 Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory, halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylanda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halypa-şägirtlik mekdebiniň ussatlarynyň sungat äleminde bitiren işlerine belent sarpa goýulýandygyna ýene bir ýola göz ýetirdik.

 Sazyň joşgunly dünýäsinde ýaşaýaýanyna elli ýyla basalyk wagt bolan, şol ýyllaryň içinde ussat halypalar bilen duşuşyp, olaryň döredijilik maslahatlaryny, döreden nusgalyk saz eserlerini ýakyndan diňlemek miýessser eden halypa kompozitor bagtyýarlyk döwrümizden ylham alyp ajaýyp sazlary halka ýetirýär. Onuň döredýän her bir saz eserinde döwrümiziň belent ruhy açylýar. Biz hem halypanyň Şa serpaýyny gutlap, onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk.

 

 — Şa serpaýyňyz gutly bolsun!

— Sag boluň! Sözümiň başynda ujypsyzja çeken zähmetime «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakan Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn.

Sungata belent sarpa goýýan halkymyz bar. Sebäbi Arkadag Prezidentimiziň özi biz medeniýet, sungat işgärlerine şygyr ýazmakda, aýdym aýdyp, saz çalmakda nusgalyk görelde. Bize diňe Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden ylham alyp işläýmek galýar.

 — Ajaýyp eserleriň döremegi üçin zehin bilen zähmet biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmaly. Aýratynam, aýdym-saz sungatynda tebigy üşük gerek. Siziň dörejiligiňizde tebigy zehiniň ýüze çykmagyna näme sebäp boldy?

— Her bir adamda tebigy zehin bar. Ol käbir adamda ir açylýar, käbirinde bolsa giç ýüze çykýar. Ony ilki ene-ata ýa-da halypalar duýýar. Aslynda, türkmen halkynyň ruhunda şahandazlyk bar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatyna goýýan çäksiz sarpasy bizi ak ýollara atarýan ene hüwdüsiniň ýakymly owazyndan başlanýar.

Çagakam öýde köplenç aýdym-saza hiňlenerdim, çeper eserleri köp okaýardym. Maşgalamyzda aýdym-saza hormat uludy. Ejem-kakam saza bolan tebigy üşügimi duýdular. Kakamyň inisi dramaturg Taňryberdi Hojakgaýew Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyna getirdi. Bu ýerde jigilerim Bäşim, Altymuhammet bilen bile okadyk.  Halypa mugallymlaryň ýardamy netijesinde aýdym-sazyň özboluşly dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmagym sungata bolan söýgimi öňküden-de artdyrdy. 9-njy synpdan başlap maňa türkmen saz sungatynyň ägirdi, halypa kompozitor Nury Halmämmedowdan sapak almak miýesser etdi.

 — Munuň özi mugallymlaryňyzyň size bildiren ynamynyň netijesi bolmaly.

 — Sazçylyk mekdebinde aýratyn zehini bilen tapawutlanýan çagalary kompozitora berkidýärdiler. Maňa-da türkmen saz sungatynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşan ussat halypanyň sapak bermegi, durmuşymda ylhamly dünýäniň gapysyny açdy. Halypamdan şol wagtky Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynda okan döwürlerimde-de sapak aldym. Onuň ajaýyp sazlaryny öz ýanynda birnäçe sapar diňlemek nesip etdi.

Saz sungatynda yz goýan başga-da birnäçe ussat halypalar bilen bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, olaryň döredijilik maslahatlaryny, döreden nusgalyk saz eserlerini ýakyndan diňlemek miýessser eden pursatlar az bolmandy. Görüp otursak, bizi şol ajaýyp pursatlar kämillik menzillerini nazarlap, sungatda öz ýolumyzy tapmaga iteripdir. Ýöne «Kämilligiň çägi ýok» diýleni. Bize halypalaryň goýup giden ajaýyp mirasyndan henizem  öwrenere zat kän. Olar bize diňe bir sungatda däl, eýsem durmuşda hem ýakyn maslahatçymyz bolupdy. Olaryň beren gymmatly maslahatlary, çalan sazlary heniz-henizlerem gulagymyzda ýaňlanyp dur.

Halypalaryň her biriniň döredijiligiň howasyndan dem alan dünýäsi, olaryň durmuşda özüni alyp barşy biziň üçin deňsiz-taýsyz mekdep boldy.

  — Halypalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren, häzirki wagtda hem repertuardan düşmän gelýän, halkymyzyň söýgüsini gazanan meşhur aýdymlaryň birnäçesi hem siziň döredijiligiňiziň miwesi. Şol aýdymlaryň sazlaryny halypalar bilen bilelikde işlemegiňiziň, olaryň şowly çykmagynda täsiri uludyr.

 — Türkmen döwlet flarmoniýasynda ýokary derejeli sazanda bolup işe başlanymda halypa aýdymçy-sazandalaryň birnäçesi bilen işleşmek miýesser etdi. Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimowyň ýolbaşçylygynda döredilen «Dessan», şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň «Çynar» estrada aýdym-saz toparlarynda işledim. Ol ýerde halypalaryň maslahaty bilen aýdym üçin saz ýazmaga synanyşdym. Nurýagdy Tokgaýewiň ýerine ýetirmeginde Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň sözlerine «Aksona», Myrat Bagşyýewiň sözlerine «Meniň läläm suw almaga gelmezmi?!» atly aýdymlary döretdik. Bu aýdymlaryň şowly çykmagynda Nurýagdy halypanyň ýardamy uly boldy. Türkmen döwlet flarmoniýasynda Öwezgeldi Tekäýew bilen «Arzuw» aýdym-saz toparynda bile işledik. Soňra Akmuhammet Saparow bilen «Diýar» atly aýdym-saz toparyny döredip, ol ýerde-de birnäçe aýdymlary bilelikde işledik. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň sözlerine «Gara gözli gyz», Aga Tekäýewiň sözlerine «Bolmasa» atly aýdymlary döretdik. Soňra Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew bilen Gämi oba medeniýet öýünde «Älemgoşar» atly aýdym-saz toparyny döretdik. Halypa bilen «Söýgim galdy bu güýzde», «Unutma», «Söýgülim» atly söýgi aýdymlaryny döretdik. Bu toparda estrada aýdymlarynyň daşyndan halk aýdymlaryny elektron saz gurallary bilen bezemekde güýjümi synap gördüm. Halk aýdymlaryna täzeçe röwüş bermekde sazandalar Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, Kakajan Hojakgaýew, Togrulbeg Artykow, Esen Jangaýew, Oraz Babaýew, Nurmuhammet Babalyýew ýardam berdi. Olar bilen nusgawy şahyrlaryň sözlerine döredilen  «Sallanyp geçdi», «Saçlaryň», «Ak ýüzli maralym», «Yrakda durma» atly aýdymlary, şeýle-de, kompozitor Nury Halmämmedowyň döreden «Haýrana galar» atly aýdymy täzeçe görnüşde işledik. Halk aýdym-sazlarynyň asyl nusgasyny ýoýmazdan elektron saz gurallarynyň üsti bilen estrada geçirmekde halypalar bilen birlikde goşant goşandygyma begenýärin.

  — Bu aýdymlaryň ählisem halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýär, hem-de olary ýaş zehinlerimiz uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler. Eser haçan-da şowly çykanda halkyň ýüreginde ýaşaýar.

Siziň ýerine ýetirýän «Şemşat» atly halk sazyňyz hem  şowly eserleriň biri. Onda millilikden gözbaş alýan heňleri duýmak bolýar.

— «Şemşat» atly halk sazyny elektron saz gurallary arkaly täzeçe öwüşgin berip, akkardeonda ilkinji gezek ýerine ýetirdim. Bu sazda milli saz gurallarymyzyň owazy eşidilýär. Ony her gezek ýerine ýetirenimde türkmen tebigatynyň jana ýakymly howasy kalbyma dolýar.

Aslynda, akkardeon saz guraly milli aýdym-sazlarymyza kybap gelýän heňi bilen tapawutlanýar. Bu saz guralynda türkmen estradasynda ilkinji sazlary ýerine ýetiren halypalarym Gurbanmyrat Dagbaşyýewiň, Mämi Çaryýewiň ýoluny dowam edýändigime buýsanýaryn.

— «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýilýär. Siz türkmen estradasynyň kämilleşmegine goşant goşan halypalaryň ençemesi bilen bir sungat ojagynda zähmet çekdiňiz. Bu elbetde, halypalaryň hersiniň öz ýoluna mahsus sazlary döretmekde uly ýardam edendir.

  — Hawa, halypalaryň biri-biriniňkä meňzemeýän özboluşly ýoly, aýdymlary ýerine ýetiriş ussatlygy bar. Döreden sazlarymy halypalaryň özi bilen maslahatlaşmagym olaryň döredijilik dünýäsine kybap gelýän eserleriň döremegine getirdi. Halypalaryň ýanynda sazandarlyk edenimde saz döretmek bilen ony özüň ýerine ýetirmegiň artykmaçlyklaryna hasam ýakyndan göz ýetirdim.

Halypam  Gurbanmyrat  Dagbaşyýew Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň ýanynda akkardeonda saz çalýardy. Maňa-da olaryň ýanynda saz çalmak miýesser eden pursatlar az bolmady.

Sazçylyk mekdep-internadynda bile okan döwürdeşlerim Türkmenistanyň halk artisti Gurban Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Hekimow, Togrulbeg  Artykow bilen köplenç saz döretmekde maslahatlaşardyk. Biri-birimiziň sazlarymyzy diňläp, halypalardan öwrenenlerimizi paýlaşardyk. Bu, elbetde, döredijiligimiziň täze gözlegler bilen baýlaşmagyna ýardam berdi.

Halypalaryňyz sungat ýolunda nähili maslahatlary bererdiler?

 — Halypam Nury Halmämmedow hemişe millilikden daşlaşmazlygy ündärdi. Adyny agzap geçen halypa aýdymçylaryň hemmesiniň döredijiligi durşy bilen millilige ýugrulan. Olaryň her biriniň özboluşly sungat ýoly bilen ýakyndan tanyşmak, maslahatlaryny diňlemek durmuşymda täze dünýäni açdy.

   — Aýdym-saz ýaňlananda gobsunanyňy duýman galýarsyň. «Sazda gudrat bar» diýilmeginiň sebäbi hem şondan bolsa gerek!

  — Sazyňam öz dili bar. Ol  köp zady sözsüz düşündirýär. Saza inçeden düşünip, ony diňlemekden özboluşly lezzet alyp bilýän adamyň içki dünýäsi hem baý bolýar. Sungatyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda saz duýgy döretmäge ukyply. Şonuň üçinem öz dünýämize mahsus sazlary diňlänimizi kem göremzok.

   — Spektakllara, kinofilmlere-de saz ýazansyňyz. Onuň aýdym üçin saz ýazmakdan tapawudy nähili?

— Bularyň hersi özboluşly dünýä. Spektakllara, kinofilmlere sazlary halypam Nury Halmämmedowyň kinofilmler üçin döreden gaýtalanmajak saz eserlerinden ruhlanyp döretdim. Ejem Aynagözel  “Aygytly ädim” kinofilminde  Agtygyň “Aýna” atly aýdymyny söýüp diňlemegi  kinofilmlere saz ýazmagyma ylham berdi. Galyberse-de, birnäçe ýyl halypalar bilen bile işleşmegim, olaryň döredijiliginde köp zatlary öwrenmegim, soňlugy bilen  spektakl we kinofilm üçin saz ýazmagyma-da ýardam etdi.

Aýdym üçin saz ýazanyňda aýdym-saz topary bilen bilelikde işlenilýär. Spektakl ýa-da kinofilm üçin ýazylan sazlar bolsa gözbaşyny eseriň edebi esasynyň manysyndan alýar.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany esasynda surata düşürilen «Gideliň biz atalaryň ýolundan!» atly dokumental filme saz ýazdym.

 — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory bolup zähmet çekýärsiňiz. Bu ýerde Watan goragçylary üçin döredýän sazlaryňyzyň aýratynlygy nähili?

 — Watan goragçylarynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň özeninde Watana bolan belent söýgi, ony goramagyň mukaddesligi jemlenýär. Nyzamly aýdymlara saz ýazmagy özüme ýakyn hasaplaýaryn. Şeýle sazlar Watan goragçylarynyň hyjuwly ädimleri bilen sazlaşyp, joşgunly aýdymlara özboluşlylyk berýär.

 — Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolanyňyzda nahili duýgulary başyňyzdan geçirdiňiz?

 — Gaty buýsandyryjy. Şol bir wagtyň özünde-de jogapkärçilikli duýgy. Durmuşda bagtly pursatlar bolýar. Käte ony beýan ederden sözler hem ejiz gelýär. Maňa şeýle bagtly pursatlar birnäçe sapar miýesser etdi. 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ada mynasyp boldum.  2015-nji ýylda Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk ýubileý medaly bilen sylaglandym. 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz akkardeon saz guralyny sowgat berdi. 2017-nji ýylda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle bagtly pursatlaryň her biri meni geljekki maksatlara ruhlandyrdy. Bu ýyl «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylanda buýsanjym goşalanyp, saza köňül beren dünýämde gaýtalanmajak joşgun döredi. Şol joşgundan ylham alyp nesip bolsa geljekde täze-täze eserleri halkymyza ýetirerin.

 — Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halypa-şägirtlik mekdebine aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýaşlaryň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Siz «Ýaňlan diýarym» telebäsleşigine şeýle-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynda halkymyza ýetirilýän «Ýyldyzlar we uçgunlar» atly gepleşige emin agzasy hökmünde gatnaşyp, ýaş zehinli aýdymçylaryň ýüze çykmagyna ýardam berýärsiňiz.

— Halypalarymyzdan sungatyň inçe tärlerini, olaryň öz ýolumyzy tapmakda beren maslahatlaryny ýaş nesillere ýetirmek biziň esasy maksadymyz hem borjumyz. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz hem uly mümkinçilikleri döredýär.

Çagalar bilen işleşmek, olaryň ýerine ýetirýän aýdymlaryna saz döretmek döredijiligimde aýratyn täsir galdyrýar.  «Ýyldyzlar we uçgunlar» gepleşigi ýaşajyk zehinleriň halypalaryň maslahatlary bilen kämilleşmegine ýardam berýär.

 — Bu gepleşige gatnaşmaga gelýän ýaş zehinli aýdymçylara siz halypa maslahatlaryny berýärsiňiz. Şonuň netijesinde olar sungatyň ilkinji basgançaklaryna gadam basýarlar. Aýdym-saz ugrundan ýetişdirýän şägirtleriňiz dogrusynda aýdaýsaňyz.

— Sazandalar Süleýman Garabaýew, Orazgeldi Baýçyýew, Arzuw Hudaýberdiýew, Nurnepes Muhammedow, Saparmyrat Teşnidow, şeýle-de, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň medeniýet bölüminde Rahat Kakajykow, Maksat Hommatgeldiýew aýdym-saz sungatynyň inçe tärlerini uly höwes bilen öwrenýärler. Şägirtlerimiň halk aýdym-sazlaryny täzeçe öwüşginde  maslahatlaşyp işleýändigi bizi begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertlerinden ylham alyp döreden sazlarymy sazandalaryň uly joşgun bilen ýerine ýetirýändigini görüp buýsanjym artýar.

  — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe estrada sungatymyz täze ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň aglabasy siziň sazlaryňyza döredilýär. Işleşýän aýdymçylaryňyz dogrusynda-da aýdaýsaňyz!

  — Estrada sungatynda öz ýoluny tapan Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Akmuhammet Saparow, Annaguly Myratdurdyýew, Parahat Amandurdyýew, Gülşat Gurdowa, Sahydursun Hojakowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Ýazmämmedow, Züleýha Kakaýewa, Nurýagdy Rejepow dagy bilen işleşýärin.

  — Aslynda, ylahy zehin berlen adamyň kalbynda ylham hemişe ýaşaýar. Ýöne      onuň joşmagyna nämedir bir zat sebäp bolýar. Siz saz ýazmaga nähili girişýärsiňiz?

   — Milli hem-de nusgawy aýdym-sazlary diňlänimde täze döretjek eserlerimiň başlangyjyny tapýaryn. Halypam Nury Halmämmedowyň döreden sazlary kalbymy joşdurýar. Gahryman Arkadagymyz ussat halypalarymyza belent sarpa goýmagy bizi hasam joşdurýar. Paýtagtymyzda gurlan «Ylham» seýilgähinde ýerleşdirilen ägirtleriň heýkellerini synlanymyzda ruhy güýç alýarys.

— Bize ähli babatda nusgalyk görelde — Gahryman Arkadagymyzyň döredýän dürdäne eserleri biziň ylham çeşmämiz. Bagtyýarlyk döwrümizden ruhlanyp döreden sazlarymyň şekilli görnüşleri «Türkmen owazy» teleýaýlymynda halkymyza ýetirilýär. Olardan «Bagtyýarlyk mukamy», fortepiano üçin ýazan «Ata Watan Türkmenistan» atly sazlarymy döwrümiziň belent ruhunyň wasp edýän şowly eserler hasaplaýaryn.

 — Eger sazanda bolmadyk bolsaňyz…

— Mugallym bolardym.

— Nähili eserleri okamagy halaýarsyňyz?

Nusgawy edebiýatymyzy hem-de dessanlary.

— Çagakaňyz belli sazanda bolaryn diýip pikir edýärdiňizmi?

— Halypalardan sapak almagy, olaryň ýoluny dowam etmegi arzuw edýärdim.

— Ýakyn günlerde diňleýjiler nähili sazlaryňyzy diňlärler?

Şu günlerde «Arkadaga alkyşnama», «Bedew batly Türkmenistan» atly sazlaryň üstünde işleýärin.

 — Ilkinji diňleýjiňiz?

— Ýanýoldaşym Gözel diňleýjim hem-de durmuşda bolşy ýaly döredijilikde-de ýakyn maslahatçym. Ol Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär.

Maşgalaňyzda sungata ýykgyn edýän barmy?

 — Bir oglum, bir gyzym, alty sany agtygym bar. Agtyklarym Jelaleddin bilen Melek aýdym aýtmagy, surat çekmegi gowy görýärler.

 — Geljekde nähili eserleri döretmegi maksat edinýärsiňiz?

— Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar ýaşamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçiliklerini wasp edýän täze şekilli sazlary döretmegi maksat edinýärin.

Milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy dünýäde dabaralandyrýan, ýurdumyzda halypa-şägirtlik mekdebiniň geriminiň giňelmegine ajaýyp şertleri döredýän Arkadag Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýdýaryn.

Hakberdi aga, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Sungat äleminde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny, täze-täze saz eserleriňiziň belentden ýaňlanmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

Doglan ýyly: 1960-njy ýylyň 8-nji fewraly.

Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Tejen şäheri.

Ilkinji ýerine ýetiren sazy: «Şemşat».

Iň täze döreden sazy: «Alkyş size Arkadag!».

Iň täze şekilli sazy: «Nar agajy».

Meşgullanýan sport görnüşi: suwda ýüzmek.

Gowy görýän reňki: ak, mämişi gyzyl.

 

 Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

 Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy