JEMGYÝET

Kataryň köçelerinde kondisioner oturdylar

2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek Katarda adatdan daşary gyzgyn howanyň öňüni almak üçin köçelere hem kondisioner oturtmak işlerine girişildi.

Tomusda howanyň derejesi 46 gradusa çenli çykýan Katarda ýapyk binalarda kondisionersiz ýaşamak mümkin däldir. Munuň üçin dünýä çempionatynyň geçiriljek stadionlaryna hem kondisioner oturdyldy.
Global gyzgynlyk howpy bütin dünýä abanýan hem bolsa, onuň ilkinji netijelerini görýän döwletleriň biri Katardyr. Daşky gurşawy goramak we energiýa serişdeleri boýunça milli institutyň wekili Muhammad Aýubiniň aýtmagyna görä, Ýer ýüzünde howanyň derejesiniň 2 gradus ýokarlanmagy hem Katara has uly täsirini ýetirer.

Üstesine, Kataryň çygly howasy bar. Köçelerde oturdyljak kondisionerlerleriň çyglylygy azaltmagyna hem garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar