Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alyp barýan işini ösdürmekden ybaratdyr.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna uly orun degişli. Şol bir wagtda, Türkmenistan bilen Günorta Aziýa döwletleriniň, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda Pakistan Yslam Respublikasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu babatda 1995-nji ýylyň martynda Yslamabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üçünji sammitiniň jemleýji resminamasynda bu guramanyň agza döwletleriniň Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ugruny goldandygy aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, YHG-nyň çäklerinde söwda, ulag, energetika we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine serediler. Onuň netijeleri boýunça Yslamabat Beýanatynyň we «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary — 2035» strategiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara topary ähmiýetli gural bolup durýar. Häzirki wagtda toparyň 17-nji noýabrda Yslamabat şäherinde geçiriljek 6-njy mejlisine taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde şu ýylyň 7 — 11-nji noýabry aralygynda göni aragatnaşyk arkaly hökümetara toparyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, nebitgaz, senagat, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, ulag ugrunda hyzmatdaşlyk hem-de ylym we bilim meseleleri boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi. Hökümetara toparyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, ýokarda agzalan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerine seretmek göz öňünde tutulýar. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy we Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisleriniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
