DÜNÝÄ

Kubanyçbek Omuraliýew Türki maýa goýum gaznasynyň başlygy wezipesine bellenildi

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) öňki Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew biragyzdan Türki maýa goýum gaznasynyň (TMGG) prezidenti wezipesine bellenildi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli karar Gaznanyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edildi.

«Omuraliýew 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň noýabr aýyna çenli TDG-niň Baş sekretary wezipesinde işledi. Şol döwürde ol türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge we guramanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga saldamly goşant goşdy» diýlip, habarda bellenilýär.

Omuraliýew täze wezipesinde maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge, ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we agza döwletleriň durnukly ösüşini ilerletmäge aýratyn üns bermek bilen, Türki dünýäsiniň umumy maksatlaryna ýetilmegine ýardam bermegi meýilleşdirýär.

Belläp geçsek, Özbegistanyň daşary işler ministriniň öňki orunbasary Mirwohid Azimow TDG-niň täze Baş sekretary boldy.

Ýatladyp geçsek, Türki maýa goýum gaznasy türki döwletler tarapyndan ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebit içindäki söwdany ösdürmek we durnukly ösüşe ýardam bermek maksady bilen döredilen ilkinji ýöriteleşdirilen halkara maliýe edarasydyr.

Gaznany döretmek baradaky esaslandyryjy ylalaşyga 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitinde gol çekildi. Ylalaşyk 2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda güýje girdi.

Türki maýa goýum gaznasynyň esaslyk maýasy 600 million ABŞ dollaryna barabardyr.

Gaznanyň serişdeleri agza döwletleriň ösüşini üpjün etmäge we olaryň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, maýa goýumlaryny hem-de innowasion çözgütleri goldamaga, şeýle hem «Türki dünýäsiniň ykdysady integrasiýasy» konsepsiýasynyň çäklerinde sebit integrasiýasyny berkitmäge gönükdirilýär.

Related posts

Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler

Kuzey Kore Türkmenistan’a büyükelçi atadı

vepa